logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Hasar»-dan Täze ýyl sowgatlary
  23.12.2022
1596
«Hasar»-dan Täze ýyl sowgatlary

«Hasar» hojalyk jemgyýeti - çagalar we ulular üçin 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar! Sowgatlarda belli «Çokomelon», «Snikers» ýaly kemputlar, içi şokoladly «Lezzet» kökesi, içi süýjüli «Desse» kempudy we marmelad bar. Täze ýyl sowgatlarynda karameliň täze görnüşleri – içi şokoladly we kofeli karamel, kofe tagamly wafli – önümçiligi şu baýramyň öňüsyrasynda özleşdirilen önümler bar. Içine dürli tagamlar bilen doldurylan «Hasar – assorti» şokoladly konfetler toplumy süýji zatlary halaýanlar üçin hakyky sowgatdyr.

«Hasar» HJ - her gün takmynan 50 tonna süýji-köke öndürýärler. Kärhanada konditer önümleriniň ýüzden gowrak görnüşi öndürilýär. Kärhananyň önümlerini ýurdumyzyň islendik söwda nokadynda görmek bolýar. Önümler daşary ýurtlara-da iberilýär. Bu önümler daşary ýurtlara-da iberilýär. Bu kärhana 2000-nji ýyldan bäri içerki bazarda-da, daşarky bazarda-da uly abraýa eýe.

«Hasar» hojalyk jemgyýeti öňümizdäki ýyllarda konditer önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin Ahal welaýatynda ýene bir zawodyň gurluşygy başlandy. Bu ýerde «Mars», «Baunti», «Snikers» we beýleki halanylýan süýjüleri öndürmek üçin enjamlar oturdylar.