logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Haýwanat dünýäsiniň täsinliklerinden...
  01.07.2022
949
Haýwanat dünýäsiniň täsinliklerinden...

Hindistanda, takmynan, 50 million maýmyn ýaşaýar. Towuk ýylda 200-e golaý ýumurtga goýýar. Altyn balygyň ýatkeşligi 3 sekunt dowam edýär. Iň kiçi haýwan doňuz burunly ýarganatdyr. Agramy, takmynan, 2 gram, uzynlygy 3 sm-den hem kiçidir. Iň uzyn ýylan Indoneziýada tapyldy. Bedeniniň uzynlygy 15 metr, agramy 446 kg. Kameleonyň dili, onuň özünden iki esse uludyr. Krokodil suwuň düýbüne has çuňňur çümmek we iýmit siňdirişini gowulandyrmak üçin daşlary ýuwudýar. Alaka iň uzak suwsyzlyga çydap bilýän jandardyr. Akulalar hiç haçan kesellemeýärler. Kolibri ýöräp bilmeýär. Ol yzyna uçup bilýän ýeketäk guşdur. Dünýäde iň öldüriji mör-möjek urkaçy anofel çybynydyr. Ýer ýüzünde iň çalt uçýan mör-möjek teneçirdir, tizligi 100 km/sag ýetip biler. Afrikaly pili eldekileşdirip bolmaz. Pişigi sypamak ýokary gan basyşly adamlarda gan basyşynyň peselmegine kömek edip biler. Sakyrtgalar 7 ýyl iýmitsiz ýaşap biler. Kameleonyň gözleri biri-birine garaşsyz aýlanýar, şonuň üçin kellesini aýlamazdan bir wagtyň özünde dürli tarapa seredip bilýär. Ýerdäki iň gadymy haýwan gapakly mollýuskdyr. Ol 507 ýaşynda.

Döwlet GELDIÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň Ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri.