logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy
  10.08.2025
821
Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen ekologik howpsuzlyk we Hazar deňziniň serişdelerini durnukly peýdalanmak meselelerine bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty bilen bilelikde gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak we sebitiň tebigatyny goramak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hazarýaka ýurtlaryň sebitleýin sammitlerinde kabul edilen çözgütlere esaslanyp hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhümdigini belledi. Ol Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologik gün tertibini we durnukly ösüşini ilerletmekde işjeň çykyş edýändigini aýtdy.

 

BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde deňze çykalgasy bolmadyk 32 sany ösüp barýan ýurduň 16-sy Afrikada, 10-sy Aziýada, 4-si Ýewropada, 2-si bolsa Latyn Amerikasynda ýerleşýär. Bu ýurtlarda 500 milliondan gowrak adam ýaşaýar, bu bolsa dünýä ilatynyň takmynan 7%-ine barabar.

 

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.