logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi
  18.10.2025
757
Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen IV halkara himiýa olimpiadasy tamamlandy. Olimpiada bilen bilelikde “Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem geçirildi.

 

Ýapylyş dabarasynda olimpiadada ýokary netije gazanan talyplara medallar we diplomlar gowşuryldy. Maslahata gatnaşan professor-mugallymlar bolsa şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

 

Olimpiada A we B derejede geçirildi. A derejede himiýa hünärinde okaýanlar, B derejede bolsa beýleki ugurlarda bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Ýaryşyň soraglary ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyna laýyk taýýarlanyldy.

 

A derejede 14 altyn, 17 kümüş, 32 bürünç – jemi 63 baýrakly orun; B derejede bolsa 11 altyn, 19 kümüş, 27 bürünç – jemi 57 baýrakly orun berildi. Umuman, 120-den gowrak gatnaşyjy medal gazandy. Türkmen talyplary bolsa jemi 57 medal alyp, ajaýyp üstünlik gazandylar.

 

Çaryýar AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.