logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hindistanda asma köpri ýykyldy. Pajygaly wakada 132 adam aradan çykdy
  31.10.2022
993
Hindistanda asma köpri ýykyldy. Pajygaly wakada 132 adam aradan çykdy

Hindistanyň Gujarat welaýatynda iki kenary birleşdirýän pyýadalar üçin asma  köpri ýykyldy. Pajygaly ýagdaýda 132-den gowrak adam aradan çykdy. Berlen habara görä, waka bolan wagty köpriniň üstünde 400-500 adamyň bardygy aýdylýar.

Köpri XIX asyrda gurlup uzynlygy 230 metre barabardy. Köpri abatlaýyş işleri üçin alty aý bäri ýapylandygy we birnäçe gün ozal açylandygy baradaky maglumatlar bar.

Gujarat welaýatynyň baş polisiýa işgäri Ashish Bhatia gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, pajygaly ýagdaýda heläk bolanlaryň ýakynlaryna takmynan 2 müň 430 dollar, ýaralananlara bolsa takmynan 600 dollar kömek beriljekdigini aýtdy.