Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara!
  16.12.2022
1009
Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara!

Bagtyýar halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Täze ýyly giň şertler, mümkinçilikler, rysgal-bereket, şatlyk-şowhun bilen garşylaýar.

Täze ýyl baýramynyň şatlyk-şagalaňy halkymyzyň ajaýyp üstünlikleriniň, bagtyýar durmuşynyň, röwşen geljeginiň alamaty bolup, kalplara ýalkym saçýar. Asuda asmanyň astynda erkana ýaşaýan, ýürekleri joşgunly, ýüzleri şatlykly, gözleri mähirli ildeşlerimiz, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň baýramçylyk keşbi, ajaýyp güllerden boglan sowgat çemeni mysaly gözüňi dokundyrýan Täze ýyl arçalary, olaryň töweregine dolan adamlary gurşap alan agzybirlik kalbyňda adaty bolmadyk ýakymly duýgulary döredýär. Şular ýaly pursatda halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda döretmäge we zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize bildirilýän hoşallyk çäksizdir.

Türkmen topragynyň rysgal-berekedini, jemgyýetiň agzybirligini we asudalygyny, halkyň bagtly durmuşyny we belent ruhuny alamatlandyrýan bu baýram ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parahatçylyk we rowaçlyk syýasaty bilen utgaşyp, has-da nurana dabara öwrülýär. Bazarlardaky bolçulyk, ýokary ruhy göteriliş, höküm sürýän ählumumy baýramçylyk şatlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Diňe bir belent Täze ýyl arçalary däl, eýsem, meýdançalary we seýilgähleri, şolara alyp barýan paýtagtymyzyň giň şaýollaryny bezeýän köpdürli reňkli çyralar hem ählumumy baýramçylygyň belent ruhuny aýdyň ýüze çykarýar. Aýratyn-da, agşamaralar ýaňlanýan şadyýan owazlar bilen utgaşýan owadan öwüşginler bu ýerlere uly akym bilen gelýän adamlaryň ruhuny göterýär, adamlaryň ýüreklerinde bolsa öz Watanyna, onda dabaralanýan parahatçylyga we abadançylyga bolan buýsanç goşalanýar.

Goý, 2023-nji ýyl hem Watanymyz we halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun! 

 

Aýlar GUBAJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.