logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Howply täze döremeleriň öňüni almaga bagyşlanyp maslahat geçirildi
  05.11.2022
1260
Howply täze döremeleriň öňüni almaga bagyşlanyp maslahat geçirildi

Golaýda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde süýt mäziniň howply täze döremeleriniň öňüni almaga bagyşlanyp, «Süýt mäziniň howply täze döremeleriniň öňüni almagyň biraýlygy» atly maslahat geçirildi.

Maslahata merkezde zähmet çekýän lukmanlar we bu ugurda bejergi alan we alyp ýören näsaglar gatnaşdy. Onda esasan-da, zenanlarda duş gelýän we wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda kyn ýagdaýlara alyp barýan süýt mäziniň howply döremeleriniň öňüni almak babatynda täsirli gürrüňler edildi. Bejergi ýollary we ugurlary wideoşekilleriň üsti bilen görkezildi. Bu ýere gatnap bejergi alyp ýören näsaglara peýdaly maslahatlar berildi.

Sowal-jogap görnüşinde geçen maslahatda adamlaryň ruhuny göteriji goşgular okaldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri gowşuryldy.