logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /HSTU-nyň talyplary “Garagum HJ” önümçilik zawodyna baryp gördüler
  22.11.2025
271
HSTU-nyň talyplary “Garagum HJ” önümçilik zawodyna baryp gördüler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň (HSTU) talyplary Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän “Garagum HJ” dokalmadyk matalar önümçilik kärhanasyna gurnalyp geçirilen tölegli okuw gezelenjine gatnaşdylar.

 

HSTU — Türkmenistanda ilkinji hususy ýokary okuw mekdebi bolup, täze esaslandyrylan bu uniwersitetiň ilkinji talyp topary häzirki wagtda bilim ýoluna başlapdyr. Uniwersitetiň maksady — işewürlik inkubatorlaryny, başlangyç taslamalar ekosistemalaryny, halkara hyzmatdaşlyklaryny öz içine alýan täzeçe, tejribä esaslanýan bilim ulgamyny döredip, ýokary hünärli we döredijilikli işgärleri taýýarlamakdan ybarat.

 

Gezelenjiň dowamynda talyplar “Garagum HJ”-de alnyp barylýan önümçilik işleriniň dürli tapgyrlary bilen tanyşdylar. Hususan-da, senagatda we sarp edijiler üçin giňden ulanylýan spunbond, melt-blown ýaly häzirki zaman tehnologiýalary boýunça giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem kärhananyň hil dolandyryş ulgamlary, innowasion çemeleşmeleri we dokalmadyk matalaryň dünýä önümçiligindäki orny barada öwrendiler.

 

Bu önümler esasan-da lukmançylyk, jemgyýetçilik pudaklarynda,  arassaçylygy talap edýän edaralarda giňden peýdalanylýar. Ekologiýa taýdan arassa. Häzirki wagtda 10-dan gowrak ýurda eksport edilýär. Çig mal hökmünde Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen önüminden peýdalanylýar.

 

Okuw saparyna TSTP Aşgabat şäher  Komitetiniň Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew ýolbaşçylyk etdi. Ol şeýle gezelençleriň ýaşlaryň önümçilik boýunça tejribe alşyny giňeldýändigini, ýokary okuw jaýlary bilen önümçilikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny aýratyn belledi.

 

Talyplar döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, gezelenjiň ýurdumyzyň senagat mümkinçilikleri baradaky düşünjelerini giňeldendigini hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryna we işewürlik başarnyklaryna bolan gyzyklanyşyny has-da artdyrandygyny bellediler.