logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Hünärmenler Marsda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji ösümligi anykladylar
  07.09.2022
955
Hünärmenler Marsda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji ösümligi anykladylar

Ýaşaýan dünýämizden başga ýerde, ýagny başga planetalarda ekerançylygy ösdürmek babatdaky pikirler adamzat üçin örän möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hünärmenler Marsda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji ösümligi tapandyklaryny mälim etdiler.

 

 

Birnäçe ýyllardan bäri Marsda geçirilýän gözlegleriň netijesinde, käbir soraglara ýuwaş-ýuwaşdan çözgüt tapylýar. Alymlar we hünärmenler öňden bäri «Mars topragynda ösümlik ösdürip bolarmy ýa-da bolmaz?» - diýen soraga jogap gözleýärdiler. Ýakynda, bu Gyzyl planetanyň üstünde zerur şertler döredilse ekin ekip hasyl alyp boljakdygy anyklanyldy.

 

 

ABŞ-nyň Iowa Döwlet uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze gözlegiň netijesinde Marsda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji ösümligiň ýorunja boljakdygy anyklanyldy. Gözlegde, Mars topragynda zerur şertler döredilip, doňan suwlardan peýdalanylyp ýorunja ekilse we bu ekilen ýorunja hem dökün hökmünde Mars topragynyň ýokumlylygyny ýokarlandyrmakda ulanylsa adamzat üçin örän uly açyş boljakdygy beýan edilýär.

 

 

Marsyň toprak nusgalarynda geçirilen synaglar, ýorunjanyň edil Ýerdäki ösüşi ýaly Marsda hem ösüp biljekligi anyklanyldy. Ösdürilip ýetişdirilen ýorunja Marsda dökün hökmünde ulanylsa şalgam, turp we kelem ýaly dykyz we kaloriýaly ekinleri ösdürip bilinjekdigi hem ýüze çykaryldy.

 

 

Reşit MAGTYMGULYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.