logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaý 17 milliard dollara 140 sany ýolagçy uçaryny satyn alar
  05.11.2022
1160
Hytaý 17 milliard dollara 140 sany ýolagçy uçaryny satyn alar

Hytaýyň awiasiýa enjamlaryny üpjün ediş kompaniýasy tarapyndan berlen beýanatda «Airbus» kompaniýasy bilen 132 sany «A320» we 8 sany «A350» görnüşli ýolagçy uçaryny satyn almak barada ylalaşyk gazanylandygy mälim edildi.

Beýanatda gol çekilen şertnamanyň umumy bahasynyň 17 milliard dollar boljakdygy mälim edildi.

Belläp geçsek, Hytaýyň uly üç döwlet awiakompaniýasy bolan «AirChina», «China Southern» we «China Eastern» iýul aýynda «Airbus»-dan jemi 292 uçar satyn almagy wada berdi. Berlen şertnama bu çäkdäki käbir sargytlary hem öz içine alýar.