logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Hytaý dünýäde ilkinji deňizüsti gün energiýa ulgamyny gurdy
  04.11.2022
1139
Hytaý dünýäde ilkinji deňizüsti gün energiýa ulgamyny gurdy

Hytaý, deňizde ýel turbinasy bilen işleýän dünýädäki ilkinji deňizüsti gün energiýa ulgamyny gurdy. 

Mälim bolşy ýaly Hytaý gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlardan biri bolup durýar. Ýurt birnäçe ýyldan bäri, ýel we gün energiýasyny öndürip, ony ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli peýdalanýar. Hytaý indi diňe bir ýerüsti bilen çäklenmän eýsem deňiz üstinde hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini gurup başlady. Gibrid energiýa ulgamy bolan ilkinji deňizüsti gün energiýa ulgamy ilkinji gezek ulanylýar.

Dünýädäki ilkinji deňizüsti gün energiýa ulgamy taslamasyna başlan ýurt, bu taslama bilen baglanyşykly  ilkinji deňiz gibrid elektrik stansiýalaryny hem gurup, olardan peýdalanyp başlady. Taslamany Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki döwlet energiýa maýa goýum korporasiýasy (SPIC) gurdy.

«SPIC» - Hytaýda iň uly bäş elektrik hyzmatlaryny berýän kompaniýalaryň biri hökmünde tapawutlanýar. Bu kompaniýa dünýädäki iň uly fotoelektrik ýagny ýüzýän gün panellerini öndürýän kompaniýadyr. Ol Hytaýyň gündogaryndaky Haýýangyň kenarynda ýerleşýär.

Iki ýüzýän gün paneli jemi 0,5 megawat energiýa öndürmäge ukyplydyr. Olar elektrik toguny suwasty kabel arkaly degişli ýerlere paýlaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji deňizüsti gün energiýa ulgamynyň energiýasyndan 2023-nji ýylda peýdalanylyp başlanar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.