logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Hytaýda Bütindünýä emeli aň kongresi geçiriler!
  17.05.2023
742
Hytaýda Bütindünýä emeli aň kongresi geçiriler!

Hytaýda möhüm emeli aň (AI) çäresi bolan 7-nji Bütindünýä emeli aň kongresi 18-21-nji maý aralygynda Tianjin häkimliginde geçiriler. 

Metbugat ýygnagynda berlen maglumata görä, şu ýyl gurultaýyň mowzugy «Emeli aň: hemmetaraplaýyn ösüş ugry, durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji» bolar. Bu çäre akylly tehnologiýalar bilen ykdysady we jemgyýetçilik ösüşini güýçlendirmek bilen baglanyşykly bolsa-da, täzeçillik, hyzmatdaşlyk, ýeňiş gazanmak we akylly tehnologiýa pudagynda emeli aň tehnologiýalaryny paýlaşmak üçin global platforma bolar.

Tianjin şäheriniň häkiminiň orunbasary Zhu Peng, emeli aňyň ösüşiniň täze tendensiýalaryny, täze tehnologiýalary we işewürligiň täze görnüşlerini açyp görkezýän çärä dünýäniň çar künjeginden syýasatçylaryň, telekeçileriň, hünärmenleriň we alymlaryň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Çäräniň dowamynda akylly awtoulaglar, öndürijilikli emeli aň, beýnini kompýutere birikdirmek şeýle hem ykdysadyýet, jemgyýet we medeniýet pudaklarynda emeli aň bilen baglanyşykly meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylar.

4 gün dowam etjek bu çäräniň dowamynda 120 müň inedördül metr meýdany öz içine alýan akylly tehnologiýa sergi toplumy dörediler. 

 

Baýrammyrat GÖLLIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.