logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler
  14.04.2024
554
Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler

Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyny geçirmek we bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.


 

Mälim bolşy ýaly, bu ýyl beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bellenilýär. Häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldarynyň şanly ýubileýi mynasybetli Pekiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň goldawy bilen onuň goşgularynyň hytaý diline terjimesi taýýarlanýar.


 

Medeniýet ýylynyň çäginde dürli çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de türkmen tarapynyň teklibi we başlangyçlary bilen Hytaýda Magtymgulynyň ýadygärligini açmak meýilleşdirilýär.


 

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar uzak taryha eýedir. Medeniýet we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly orny bardyr. Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynyň şu ýylyň tomsunda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Dawut AMANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.