logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Ilkinji döredilen kompýuterler
  12.10.2023
3157
Ilkinji döredilen kompýuterler

Häzirki döwürde adamzat öz iş sferasyny kompýutersiz göz öňüne getirip bilmeýär. Sebäbi kompýuter köp işi aňsat ýerine ýetirýär. Eýsem, ilkinji kompýuterleriň haçan döredilendigi we olaryň nähili aýratynlyklarynyň bardygy baradaky maglumatlar hemmäni gyzyklandyrýan bolsa gerek.

 

 

Ylymda ilkinji kompýuterleriň ikinji jahan urşundan soň ABŞ-da peýda bolandygy barada aýdylýar. Emma dünýäniň birnäçe döwletlerinde alymlar kompýutere meňzeş bolan gurluşlary döretmegiň üstünde birnäçe işleri alyp barypdyrlar. ABŞ-da döredilen ilkinji kompýuterler ENIAC (Electronic Numerical Integrator and Computer) diýlip atlandyrlypdyr, ýagny bu başgaça elektron hasaplaýyş maşynlary diýmekdir. Bu kompýuteri döretmek üçin 200 müň adam sagady sarp edilipdir. ENIAC kompýuteriniň agramy 30 tonna bolupdyr.

 

 

Mundan başga-da Germaniýada nemes alymy Konrad Suze 1939-njy ýylda Z1 atly kompýuteri oýlap tapýar. Azrak wagt geçenden soň 1941-nji ýylda ol birneme kämilleşdirlen Z3 kompýuteri döreýär. Bu kopmýuterler şol döwürlerde uçar gurluşygynda peýdalanylypdyr.

 

 

Russiýa döwletinde ilkinji kompýuter 1948-nji ýylda professor Lebedow tarapyndan döredilýär. Emma bu kompýuterleriň hiç birisi hem häzirki zaman kompýuterlerine meňzemeýär.

 

 

1968-nji ýylda sowet inženeri A.A.Gorohow tarapyndan ilkinji gezek ýady we enelik platasy bolan häzirki zaman kompýuterini döretmek ugrunda iş alnyp barylýar. Ýöne maddy serişdelere bolan çykdajylaryň köplügi zerarly onuň işi togtadylýar. Ilkinji häzirki zaman kompýuterleriniň haýsy ýylda döredileni barada takyk aýtmak mümkin däl. Sebäbi şol bir wagtyň özünde ilkinji häzirki zaman kompýuterini döretmek barada  dürli döwletlerde alymdyr höwesjeňler gyzyklanyp ugraýarlar. 1975-nji ýylda Altair 8800 atly häzirki zaman kompýuteri işe girizilýär. Onuň daşky keşbi aýratyn böleklerden ybarat bolan gurluşa meňzeş bolsa-da häsiýetleri häzirki zaman kompýuterlerine meňzeş bolupdyr.

 

 

 1976-njy ýylda Apple I atly kompýuter meşhurlyge eýe bolýar. Onuň monitory bolmaýar. 1977-nji ýyldan başlap onuň monitorly görnüşi giňden ulanylyşa goýberilipdir. Şondan soň ähli işde kompýuterler has köp ulanylyp başlapdyr.

 

Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy
 we informatikasy kafedrasynyň
mugallymy.