logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Kaka etrabynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi
  13.04.2023
1042
Kaka etrabynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi

Golaýda,  «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşi we Kaka etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda Kaka şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň binasynda  sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary sportuň küşt, şaşka, düzzüm  görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde oňat netijeler görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde sportuň düzzüm oýny boýunça gyzlardan I orna Kaka etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Durdyýewa Gülnäz, oglanlardan Kaka şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň okuwçysy Jumadurdyýew Juma mynasyp boldular.

Bäsleşikde sportuň küşt oýny boýunça gyzlardan I orna Kaka şäheriniň 17-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Meredowa Nurjemal, oglanlardan Kaka şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Annaýew Dawut mynasyp boldular.

Bäsleşikde sportuň şaşka oýny boýunça gyzlardan I orna Kaka şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň okuwçysy Rejepbaýewa Bibi, oglanlardan Kaka şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gurbanow Salyh mynasyp  boldular.

Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan höweslendirme sowgatlary  bilen  sylaglandylar. 

 

Mähri ALIÝEWA,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň işgäri.