logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Kaka etrabynyň nebit kärhanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi
  16.12.2022
837
Kaka etrabynyň nebit kärhanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi

Golaýda, Kaka etrabynyň nebit kärhanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi. «Arkadagly döwrüň bagtyýar ýaşlary» atly duşuşyga kärhanada zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda bolan duşuşykda jemgyýetimizde ýaşlaryň orny, olaryň höwes edýän ugry boýunça bilim almagy we netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredýän şertler barada söz açylyp, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň nebit-gaz pudagynyň kärhanalarynda yhlasly işleýändigi we ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýandygy guwanç bilen nygtalyp geçildi. Çykyş edenler ajaýyp şertlerde zähmet çekmäge döredýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Toý ruhunda geçen duşuşykda kärhananyň tapawutlanyp zähmet çekýän ýaş hünärmenlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.