logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Kanadadaky ýangynlar ABŞ-nyň howasyna ýaramaz täsir etdi!
  07.06.2023
765
Kanadadaky ýangynlar ABŞ-nyň howasyna ýaramaz täsir etdi!

Kanadada birnäçe günläp dowam edýän tokaý ýangynlary ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar ştatlaryna ýaramaz täsirini ýetirdi. ABŞ-da howa mämişi-gyzyl reňke boýaldy. Şäherde ysyny gowy duýmak bolýar.

Häkimiýetler howanyň hili barada saglyk duýduryşyny berdi we raýatlardan zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýurtda esasanam ýürek, öýken we dem alyş keselleri bolan adamlara çykmazlyk maslahat berilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Kanadanyň 413 sebitinde tokaý ýangynlary dowam edýär. Ýangynlar sebäpli 26 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi.

Tokaý ýangynlarynyň atmosfera ep-esli hapalaýjy maddalary goýberýändigi we ýangynyň tüssesinde öýkeniň içine girýän we demgysma şeýle-de bronhit ýaly saglyk meselelerine sebäp bolýan PM2.5 atly maddanyň bardygy mälim edildi.