logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Katar Howaýollary» dünýä çempionaty üçin 10 müň goşmaça işgär alýar
  14.06.2022
656
«Katar Howaýollary» dünýä çempionaty üçin 10 müň goşmaça işgär alýar

Katarda geljek aý dünýä çempionaty geçiriler. Şol sebäpli hem Kataryň howa ýollary awiakompaniýasy 10 müňden gowrak goşmaça işgäri işe aljakdygyny mälim etdi.  Şunlykda awiakompaniýa, umumy işçi güýjüni 45 müňden 55 müňe çenli ýokarlandyrar.

Häzirki wagtda Katar Dünýä çempionatyna örän guramaçylykly taýýarlyk görýär. Ýurda gelýän myhmanlara ýokary derejede hyzmat bermek maksady bilen Kataryň howa ýollary awiakompaniýasy hem işgär sanyny artdyrýar. Täze alynjak işgärleriň näçeräk wagt işlejekligi entek doly belli däl.

Belläp geçsek, Kataryň awiakompaniýasy dünýäniň 150-den gowrak ýurduna uçuşlary amala aşyrýar.