logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Katarda ilkinji gezek düýeleriň üstünde gandbol oýny oýnaldy
  16.12.2022
1634
Katarda ilkinji gezek düýeleriň üstünde gandbol oýny oýnaldy

Katarda geçirilýän 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň çäklerinde dünýäde ilkinji gezek düýeleriň üstünde gandbol oýny oýnaldy. Tomaşaçylar paýtagt Dohanyň Şeýhaniýe meýdançasyndaky düýeleriň üstündäki gandbol oýnuna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Düýeleriň üstündäki  gandbol oýny 15 minutlyk iki oýundan ybarat bolup, jemi 30 minut dowam etdi. Ýaryşda Afrikanyň we Aziýanyň milli ýygyndy toparlary Kataryň milli ýygyndysy bilen bäsleşdi.

Resmiler 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň çäklerinde ýurduň medeni mirasyny we sport görnüşini tanatmak üçin şeýle ýaryşlaryň geçirilýändigini mälim edýärler.