logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Keniýada soňky 40 ýylyň içinde guraklyk sebäpli 109 pil öldi
  04.10.2022
1898
Keniýada soňky 40 ýylyň içinde guraklyk sebäpli 109 pil öldi

Gündogar Afrikada dowam edýän guraklyk haýwanlara we adamlara täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Keniýa soňky 40 ýylyň iň gurak döwrüni başdan geçirýär. Guraklyk sebäpli geçen 40 ýylyň dowamynda 109 pil öldi. Hünärmenler Afrikanyň gündogar böleginde soňky 40 ýylda iň erbet guraklygynyň dowam edýändigini aýdýarlar. Bu guraklygyň 2023-nji ýyla çenli dowam edip biljekdigi çaklanylýar.

Mälim bolşy ýaly Afrika özüniň ýabany tebigaty we haýwanlary bilen meşhurdyr. Hünärmenler häzirki wagtda bu sebitde guraklyk sebäpli ýitip gitme howpy abanýan haýwanlary goramak we olaryň görnüşini köpeltmek boýunça işleri geçirýär.