logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Kilimanjaro dagyndaky ýangyny 2 gün bäri söndürip bolmaýar
  24.10.2022
1269
Kilimanjaro dagyndaky ýangyny 2 gün bäri söndürip bolmaýar

«The Citizen» gazetiniň habaryna görä, Karanga-Baranko sebitinde ýüze çykan ýangyny söndürmek üçin sebite iberilen ýangyn söndüriji uçarlar güýçli tüsse sebäpli ýangyny söndürip bilmediler. Sebite jogapkär ýerli wekil ýangyn söndüriji uçarlaryň sebite iki gezek goýberilendigini, emma ýangynyň bolup duran ýerine erbet tüsse sebäpli baryp bilmändigini mälim etdi.

Häzirki wagtda Kilimanjaro dagynyň Karanga-Baranko sebitindäki ýangynyny söndürmek üçin ýerli ýangyn söndüriji uçarlar, polisiýalar we esgerler bilelikde hereket edýärler. Ýangynyň näme sebäpden ýüze çykandygy entek belli däl. Ýeke-täk berilen anyk habar bolsa, adam ýitgisiniň ýoklugy.