logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Kömelekleriň beýni we süňk saglygy üçin peýdasy
  16.01.2023
1569
Kömelekleriň beýni we süňk saglygy üçin peýdasy

Birnäçe barlaglaryň netijesinde kömeleklerde iki sany antioksidant: ergotionin we glutation bardygyny subut edildi. Bu antioksidantlar garrylyk alamatlaryna sebäp bolýan fiziologiki stresden goraýar. Beýnimizdäki ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleri haýalladýar. Barlaglaryň netijesinde gözlegçiler ýokarda agzalan iki antioksidantyň (ergotionin we glutation) Parkinson we Alsgeýmer keselleriniň öňüni alyp biljekdigini aýdýarlar. Geljekdäki newrologiki keselleriň howpuny azaltmak üçin günde azyndan bäş kömelek iýmek maslahat berilýär.

2019-njy ýylda Singapuryň Milli uniwersitetiniň gözlegçileri hepdede iki gezek kömelek iýmegiň huşuň kütelmek meselesini azaldyp biljekdigini anykladylar. Kömelek iýmitiň tagamyny duzdan has gowulaşdyrýar, sebäbi onuň düzüminde  glutamat ribonukleotidler bar. Bu birleşmeler gan basyşyna ýa-da ýürek kesellerine hiç hili täsir etmezden ýakymly tagam berýär.

Kömelek ergosterol atly birleşmäni göni D witamine öwrüp bilýär. D witamini bolsa süňk saglygyny güýçlendirýär. Energiýany ýokarlandyrýar. Ondan başgada  kömeleklerde riboflawin (B2), fol kislotasy (B9), tiamin (B1), pantoten kislotasy (B5) we niasin (B3) ýaly witaminler bar. Şeýle hem kömelek gyzyl gan öýjüklerini öndürmäge kömek edýär. 

 

Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.