logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Kömürturşy gazyny ýangyja öwürýän täze tehnologiýa oýlanyp tapyldy
  08.10.2022
1507
Kömürturşy gazyny ýangyja öwürýän täze tehnologiýa oýlanyp tapyldy

Kanadaly alymlar howanyň üýtgemegine garşy göreşde goşant goşup biljek täze tehnologiýany işläp düzmegi başardylar. Täze tehnologiýanyň kömürturşy gazyny arzan bahadan gymmatly himiki maddalara öwrüp biljekdigi mälim edildi. 

Täsirini tiz görkezýän howanyň üýtgemegi, planetanyň we ondaky ähli janly-jandarlaryň geljegine uly howp salýar. Şeýle bolansoň, alymlar bu elhenç ýagdaýyň öňüni almagyň ýollaryny gözleýärler. Şunuň bilen baglylykda, Kanada-da ýerleşýän Waterlo uniwersitetiniň alymlary howanyň üýtgemegine garşy göreşde goşant goşup biljek täze tehnologiýany işläp düzmegi başarandyklaryny mälim etdiler. Alymlaryň täze gözlegi «Nature Energy» žurnalynda neşir edildi.

Gözlegiň netijesine görä, zyýanly kömürturşy gazyny (CO2) arzan bahadan ýangyja we gymmatly himiki maddalara öwrüp biljek täze tehnologiýanyň senagatyň dürli pudaklarynda ulanylyp oňyn netijeler gazanyp boljakdygy aýdylýar.

 

Aýgül AKGAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.