logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Koronawirusyň howply täze görnüşi: «XBB.1.5»!
  03.01.2023
1395
Koronawirusyň howply täze görnüşi: «XBB.1.5»!

Alymlar koronawirusyň has howply ýokuşýan we sanjymlara garşy durup bilýän täze «XBB.1.5» ştamynyň örän ölüm howpludygyny mälim edýärler.

Hünärmenler koronawirusyň täze ştamynyň dünýädäki saglyk ulgamlaryna basyş edip biljekdigini mälim etdiler we adamlardan mümkin boldugyça käbir öňki çäklendirmeleri ýola goýmagy haýyş etdiler.

Angliýanyň iň uly «Covid19» gözegçilik merkezlerinden biri bolan Sanger instituty: «- Koronawirusyň täze ştamy öňki görnüşlerden has howply bolup, ol örän ýokuşyjy we sanjymlara garşy durup bilýär. Häzirki wagtda hassahanalarda koronawirusyň täze ştamy bilen baglanyşykly wakalara duş gelmek bolýar. Şol sebäpli seresaply bolmagy duýdurýarys!» - diýip, beýanat berdi.

«XBB.1.5» ştamy ilkinji gezek Hindistanda ýüze çykaryldy. Alymlar täze görnüşiň garry adamlar üçin örän howpludyny mälim edýärler.

Gysga wagtda täze görnüş «outbreak.info»-nyň habaryna görä dünýäniň 74-den gowrak ýurduna ýaýrapdyr. 

XBB.1.5 alamatlary: 

- Üsgülewük;
- Temperatura;
- Bokurdak agyrysy;
- Bedendäki käbir ýerleriň agyrmagy;