logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanylmaga berildi
  14.03.2024
820
Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanylmaga berildi

Çarşenbe güni Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän ýyllyk kuwwaty 1 millon tonna bolan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu zawodyň açylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

 

 

Lebap sement zawody 2013-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilipdi. Türkmenabat şäherinden 350 kilometr daşlykda ýerleşýän zawotda geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementler öndürilip gelinýär. Bu desganyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlup, bu zawod ýylda 1 million tonna sement öndümäge niýetlenendir.

 

 

Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.

 

Güljeren NURGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.