logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Liwanda holera epidemiýasy bilen aradan çykýanlaryň sany köpelýär
  28.10.2022
1080
Liwanda holera epidemiýasy bilen aradan çykýanlaryň sany köpelýär

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda ilkinji gezek 6-njy oktýabrda ýüze çykan we demirgazyk sebitlere ýaýran holera epidemiýasy barada täze maglumatlary paýlaşdy. Ministrligiň web sahypasynda berlen beýanatda holera epidemiýasy sebäpli ýene 4 adamyň aradan çykandygyny we 110 -dan gowrak täze wakanyň bardygy mälim edildi.

Şeýlelik bilen, ýurtda holera sebäpli umumy ýitgi 14-e, täze wakalaryň sany bolsa 913-e ýetdi. Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi 1993-nji ýyldan bäri ilkinji holera keseliniň bardygyny habar berdi. Ýurtda holera sebäpli ilkinji ölüm 12-nji oktýabrda hasaba alyndy.