Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty jemlendi ✦ ✦ Zenan Liderleriň Forumy: Gender deňliginde täze ädim ✦ ✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda
  11.08.2025
59
LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda

2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Forum dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin giň ugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän möhüm halkara meýdança boldy. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň çalt üýtgäp durýan şertlerinde we ählumumylaşma döwründe bu döwletleriň ösüş hem-de halkara integrasiýasy aýratyn ähmiýetli hasaplanylýar.

 

Maslahatda bu ýurtlaryň öňümizdäki on ýyl üçin ösüş ugruny kesgitleýän 2024–2034-nji ýyllar üçin “Awaza” Hereketler Maksatnamasy hem-de “Awaza” syýasy beýannamasy kabul edildi. Bu resminamalar ulag we logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, söwdany ösdürmäge, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça durnuklylygy güýçlendirmäge we maliýe serişdelerini herekete getirmäge gönükdirilen anyk çäreleri öz içine alýar. Türkmenistanda geçirilen bu iri halkara çäre dünýäniň köp sanly metbugat serişdelerinde giňden beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Özbegistanyň “UZA” agentligi maslahatyň ulag arabaglanyşygyny berkitmek, söwda proseduralaryny ýeňilleşdirmek, ykdysady özgertmeler we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýaly meseleleri öz içine alandygyny ýazdy. Gazagystanyň “Kazinform” agentligi bolsa maslahatyň maksadynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň gurluşyk we logistika kynçylyklaryny çözmek, olaryň ykdysady we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ugurlary kesgitlemekdigini nygtady. Hytaýyň “Sinhua” agentligi gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini çözmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşandygyny we netijede 2034-nji ýyla çenli meýilleşdirilen Hereketler Maksatnamasynyň yglan edilendigini ýazdy.

 

Türkiýäniň “Anadolu” agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek, strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek we maýa goýumlary çekmek arkaly bu ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmagyň maslahatdaky esasy ugurlardygyny belledi. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyna gabat gelip, çärä diplomatik ähmiýet goşdy. “EU Reporter” neşiri Awazanyň ýerleşişiniň amatlylygyny, ulag geçelgelerini ösdürmek arkaly strategik mümkinçilikleriň artýandygyny ýazdy.

 

“Mir” DTRK hem-de “AzVision.az” internet neşirleri Türkmenistanyň bitarap syýasatynyň netijesinde halkara gepleşikler üçin amatly meýdança döredýändigini nygtadylar. Şeýle-de ýurt, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we logistikany ösdürmek boýunça işjeň taslamalary amala aşyrýar. Bu başlangyçlar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýük daşamak çykdajylaryny azaltmaga we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

 

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu döwletleriň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, sanly özgertmelere we ýokary goşulan bahaly pudaklara maýa goýumlary çekmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem maslahatda durnukly ulag geçelgelerini döretmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, logistikany sanlylaşdyrmak we üstaşyr çykdajylary azaltmak boýunça çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri utgaşdyrmak üçin BMG-niň çäklerinde aýratyn topar döretmek barada hem çözgüt kabul edildi.

 

Jahan Öwlýakulyýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugalllymçylyk institutynyň talyby.