logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /LLDC3: Sebitiň milli däpleri we sungaty “Awaza”da birleşýär
  20.07.2025
1331
LLDC3: Sebitiň milli däpleri we sungaty “Awaza”da birleşýär

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri we medeniýet–sungat ussatlarynyň dabaraly konserti

 

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu halkara forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri belleniler hem-de şol günleriň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti guralar.

 

Konsertde Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly sebitiň ýurtlarynyň medeniýet wekilleri çykyş ederler. Dabaraly konsert milli ýörelgeleriň, taryhy mirasyň, halk döredijiliginiň we häzirki zaman sungatynyň görkezijisi bolup, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

 

Bäş gün dowam etjek maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Programmada işewür duşuşyklar, tematiki sergiler, medeni çäreler hem göz öňünde tutulýar.

 

Maslahata 32 döwlet ýolbaşçylarynyň, hökümet wekilleriniň, BMG-niň agza ýurtlarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem halkara guramalar, parlament agzalary, maliýe institutlary, jemgyýetçilik guramalary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşar.