logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Londonyň ululygyndaky äpet aýsberg döwüldi!
  25.01.2023
1358
Londonyň ululygyndaky äpet aýsberg döwüldi!

Antarktidadan 150 metr galyňlygyndaky örän äpet aýsberg döwüldi we ummanda hereket edip başlady.

Äpet aýsbergiň Brunt buz meýdanyndan aýrylmagy hemra suratlary arkaly ýüze çykaryldy. Takmynan 1500 inedördül kilometre barabar bolan bu buz böleginiň döwülmegi, soňky iki ýylda ikinji uly bökdençlik hökmünde hasaba alyndy.

Döwlen buz böleginiň ýylda 2 kilometr tizlik bilen Weddell deňzine tarap barýandygy kesgitlenildi.

Şeýle äpet aýsbergler örän tiz hereket etmek bilen ereýär we ummanlaryň şeýle-de deňizleriň suw derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa ilatly ýerlere uly howp salyp, suw joşmalary ýaly tebigy betbagtçylyklara sebäp bolýar.