Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň netijeli guraly
  20.05.2023
733
Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň netijeli guraly

Bagtyýar zamanada Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak ba­bat­da amal edilýän köp san­ly iş­le­r bu gün oňyn miwesini berýär. Ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak we elekt­ron bi­li­miň se­riş­de­le­ri­ni ös­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitaplary döredilýär.

Tä­ze komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, mul­ti­me­di­ýa ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň, yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­niň giň ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde onuň maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary taraplaryň maglumat goraglylygyny üpjün etmekligi şertlendirip, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etdi.  Ýurdumyzda «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, sanly ulgamy ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup çykyş edýär. 

 

Döwlet BABANIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.