logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Matematika hem-de meşhur matematikler barada gyzykly faktlar
  22.04.2023
5109
Matematika hem-de meşhur matematikler barada gyzykly faktlar

- Meşhur alym, matematikanyň professory Stiwen Hoking matematikany diňe mekdepde öwrenendigini belläp geçýär. Oksfortda mugallym bolup işlän döwründe bolsa bir gün öňünden talyplaryň kitabyny okap, sapaga şeýle taýýarlanandygyny aýdýar.

- Otrisatel sanlar ilkinji gezek III asyrda Hytaýda ulanyşyga girizilýär. Soňabaka Hindistanda-da hem bergidarlaryň karzyny bellik etmek üçin hem ulanylypdyr.

- «π» sany ilkinji bolup hindistanly matematik Budhaýana b.e öň
VI asyrda ulanypdyr.  «π» sanyň simwolyny bolsa 1706-njy ýylda Wilýam Jons oýlap tapypdyr. Bu sany drob hökmünde ýazsak, ol hiç gaýtalanmaýar we tükeniksizdir. Ýene-de «π» sany arkaly howany kesgitläp bolýar.

- Angliýaly matematik Abraham de Muawr garrap gartaşan döwründe ukusynyň dowamlylygy her gün 15 minut artýandygyny belleýär. Şonda ol arifmetik progresiýany düzüp, ukusynyň dowamlylygy 24 sagada ýetjek güni – 27.11.1754 ý. güni anyklaýar. Şol gün hem alym dünýäden ötýär.

- Amerikaly matematik Jordj Dasing aspirant döwründe okuwa gijä galyp, synp tagtasynda ýazylan mysaly öýe tabşyrylan ýumuşdyr öýdüp, işläp gelýär. Muny görüp, professor mugallymy gaty geň galýar. Sebäbi ol ençeme alymlaryň köp ýyllap çözüp bilmedik meselesini çözmegi başarýar.

- Britaniýaly matematik Lýutwidj Jonson ömrüniň köp bölegini logika ylmyna bagyşlanyny hemme bilmeýär. Ony köpräk dünýä edebiýatynda Lýuis Kerroll ady bilen tanaýarlar. 

 

Maksat KAKAJANOW, 

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdeb
iň 
matematika mugallymy.