logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Nädogry ýagdaýdaky uky saglyga zyýanly!
  01.12.2022
2069
Nädogry ýagdaýdaky uky saglyga zyýanly!

Bedeniň dynç almagy we ýeterlik uky bilen üpjün edilmegi örän möhümdir. Edil uky ýaly saglyga täsir edýän başga bir mesele, nädogry ýagdaýda uklamakdyr. Nädogry ýagdaýdaky uky saglyga düýpli zyýan ýetirip, erbet netijeleriň bolmagyna getirip biler!

Nädogry ýagdaýdaky uky oňurga saglygyna ýaramaz täsir edýär we bedende agyry döredýär. Belli bir wagtdan soň oňurga agyrysy hereket çäklendirmelerine hem sebäp bolup bilýär.

Irden turulanda arka, boýun ýa-da bil agyrsa onda bu nädogry ýagdaýdaky uky sebäpli bolýar. Şonuň üçin bedende döreýän agyrylaryň çözgüdini tapmazdan öň üçin ilki bilen hüşgär bolmaly.

Nädogry ýagdaýdaky uky bedende bil gypjynmalaryna, süňk agyrylaryna, bil we boýun agyrylaryna hem düýpli sebäp bolýar. Irden turulandaky ýadawlyk hem nädogry ýagdaýdaky uky sebäpli bolup biler.

Rahat ýagdaýdaky uky üçin aşak ýazylýan düşek we ýatylýan ýassyk rahat bolmaly. Üste ýapylýan ýorgan ýa-da ýapynja beden üçin oňaýly we rahat bolmaly. Bularyň juda ýumşak ýa-da juda gaty bolmagyna ýol bermeli däl. Şeýle ýagdaýlar hem uka düýpli täsir edip bilýär. Şeýle hem düşek, ýassyk we ýorgan bedeniň göwrümine görä saýlanylmaly. Olary wagtly-wagtynda çalşyp durmaly.

Dogry ýagdaýdaky iň gowy uky arkan, saga ýa-da çepe tarapa ýatmakdyr. Gapdal ýatylanda iki aýagyň arasyna ýassyk goýup ýatmak oňurga üçin peýdalydyr. 

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.