logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Naýbaşy kubogyň eýesi «Altyn asyr» boldy
  24.12.2022
1165
Naýbaşy kubogyň eýesi «Altyn asyr» boldy

Golaýda, Aşgabat şäheriniň «Nusaý» stadionynda möwsümiň Naýbaşy kubogyny eýelemek ugrunda duşuşyk boldy. Geçen möwsümiň çempiony «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary geçen ýylda Kubogy eýelän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Şagadam» topary bilen duşuşdy.

Oýnuň birinji ýarymy 3-nji minutda «Şagadamdan» Kerim Hojaberdiýewiň, 32-nji minutda «Altyn asyrdan» Myrat Annaýewiň garşylykly gollary bilen deňlikde tamamlandy. Ikinji ýarymda aragatnaşykçylar hüjümiň depginini güýçlendirip, kenarýakaly futbolçylaryň derwezesinden iki pökgi geçirmegi başardylar. Oýnuň 67-nji minudynda Yhlas Toýjanow kellesi bilen topy derwezä gönükdiren bolsa, 76-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew çep tarapdan guralan hüjümi netijeli tamamlamagy başardy, şol hem oýnuň soňky nokadyny goýan gol boldy.

Şeýlelikde «Altyn asyr» öz futbol taryhynda sekizinji gezek Naýbaşy kubogy eýelemegi başardy. Topara Naýbaşy kubogy we medallary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow bilen federasiýanyň baş sekretary Annabaýram Durdymämmedow gowşurdy. Şu möwsümiň jemleri boýunça tapawutly çykyş eden oýunçylar bolsa gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

«Iň netijeli hüjümçi» baýragyna, öň hem ýatladyşymyz ýaly, «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew 27 gol bilen mynasyp boldy. «Iň gowy derwezeçi» hem çempion toparyň derwezesini goran Resul Çaryýew eýe boldy. «Möwsümiň iň gowy oýunçysy» baýragyny «Köpetdagyň» hüjümçisi Begenç Akmämmedow eýeledi. «Iň gowy tälimçi» baýragyna çempion hem Kubogyň eýesi «Ahalyň» tälimçisi Mergen Orazow mynasyp boldy. «Iň adalatly oýun alyp baran topar» Marynyň «Merw» topary boldy. «Iň adalatly emin» baýragy halkara derejeli emin Resul Mämmedowa gowşuryldy.