logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze 3D multfilmini taýýarlady
  09.12.2022
1352
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze 3D multfilmini taýýarlady

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin täze 3D multfilmini taýýarlady. 4 ýaşdan uly çagalara niýetlenen bu multiplikasion film «Mämmetjanyň başdan geçirmeleriniň» dowamy bolup durýar.

Multiplikasion filmiň režissýory Röwşen Welmiýew: « - Multfilm Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar hem-de olaryň göwünlerine ýarar diýen umytda» – diýip, belläp geçýär.

Täze 3D multfilmini Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň saýtynda tomaşa edip bilersiňiz! Ýakyn wagtda multfilm milli telewideniýede hem halka görkeziler.