logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Olimpiýa şäherçesinde paralimpiýadaçylaryň arasynda sport festiwaly geçirildi
  20.09.2022
901
Olimpiýa şäherçesinde paralimpiýadaçylaryň arasynda sport festiwaly geçirildi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde, Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň sanawyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howandarlygynda, kiçi we uly ýaşly paralimpiýadaçylaryň arasynda «Biz güýçlüdiris! Biz deňdiris!» atly sport festiwaly geçirildi.


Geçirilen festiwalda ýaş paralimpiýadaçylar özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny görkezip, sportuň futbol, basketbol, woleýbol ýaly görnüşleri boýunça toparlara bölünip bäsleşdiler. Bäsleşigiň dowamynda ilkinji gezek, görüş derejesi pes bolan adamlar üçin niýetlenen toparlaýyn oýnalýan «Gol, Gol» atly sport oýny oýnaldy. Bu futbol oýny duýgurlygy, çalasynlygy, ezberligi ösdürmäge we güýçlendirmäge uly täsir edýär.