logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Örän seýrek gabat gelýän kömelek. Ellän tussag edilýär!
  02.11.2022
1614
Örän seýrek gabat gelýän kömelek. Ellän tussag edilýär!

Häzirki wagta çenli örän seýrek duş gelýän «sakgally diş kömelegi» atly kömelek Angliýanyň Kornwall şäherinde tapyldy. Bir adam futbol topunyň ululygyndaky kömelegi görüp, ýörite hünärmenlere habar berdi. Kornwall şäheriniň «Lost Gardens of Helligan» tokaýlygyndan tapylan kömelegiň daşyna degilmez ýaly haýal etmän kapasa ýasaldy.

«Sakgally diş kömelegi» atly bu kömelek rak we Alsgeýmer kesellerine garşy göreşmekde örän möhümdir. Kanuny taýdan goralýan bu kömelege hatda degmek hem gadagan. Bu kömelegiň aýratyn geň tarapy ol hem adamyň görmeýän we aýak basmaýan ýerinde ösüp ýetişýänligidir. Häzirki wagta çenli Angliýada bu kömelegiň diňe 15 sanysy duş geldi.

«Hericium erinaceus» diýlip hem atlandyrylýan kömelegi ellän kanun tarapyndan tussag edilýär.