logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Ösüşe beslenýän sport
  07.04.2023
849
Ösüşe beslenýän sport

Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda «Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Resminama sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüliginiň çekilmegine uly itergi berýär.

Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi we Türkmenistan onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy boldy. Birleşen Milletler Guramasy bu Rezolýusiýany kabul etmek bilen, jemgyýetde welosipediň ähmiýetini wagyz etmek, beden hem-de ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramak ýaly, halkara çäreleriň bileleşik tarapyndan ykrar edilýändigini we doly goldanylýandygyny tassyklady.

Müňlerçe türkmenistanlylary özünde jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy indi birnäçe ýyldan bäri asylly hem-de halk ähmiýetli däbe öwrüldi. Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. 

 

Gurbanaý ALLANAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.