logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Ronaldony satyn alan araplar indi Messini satyn almak isleýär!
  13.01.2023
1115
Ronaldony satyn alan araplar indi Messini satyn almak isleýär!

Mälim bolşy ýaly meşhur ýyldyz oýunçy Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň «Al Nassr» toparyna geçipdi. Aradan kän wagt geçmänkä Saud Arabystany Lionel Messä transfer teklibini berdi.

Teklip - «Al Nassr» toparynyň garşydaşy Saud Arabystanynyň «Al Hilal» topary tarapyndan berildi. Eger Messi bu teklibi kabul etse «Al Hilal» topary 35 ýaşly meşhur oýunça ýylda 300 million dollar tölär.

Messiniň «Al Hilal» toparyndan gelen teklibe nähili jogap berjekdigi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Meşhur oýunçy teklip edilýän 300 million dollar pul serişdesinden ýüz öwürmez diýlip çaklanylýar.