logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Ronaldonyň we Messiniň bilelikdäki suratynyň sahna arkasyndaky hakykatlar!
  21.11.2022
1411
Ronaldonyň we Messiniň bilelikdäki suratynyň sahna arkasyndaky hakykatlar!

2022-nji ýyldaky «FIFA» dünýä çempionatyna az wagt galanda dünýä belli oýunçylar «Cristiano Ronaldo» we «Lionel Messi» şol bir wagtyň özünde paýlaşan suratlary dünýäniň esasy gün tertibine öwrüldi. Bu surat 60 milliondan gowrak «halanma» aldy. Suraty gören adamlaryň ählisi dünýä meşhur iki oýunçy küşt tagtasynyň başynda jemlenipdir – diýip pikir etdi. Emma suratyň sahna arkasy beýle däldi.

Görlüp oturylsa, surat Annie Leibovitz tarapyndan dürli ýerlerde düşürilipdir. Iki meşhur ýyldyz bir ýere jemlenmändir. Olar hat-da küşt tagtasynyň başynda hem oturmandyr. Ýyldyz futbolçularyň her biri dürli ýerde oturyp surata düşüpdir. Annie Leibovitz bolsa bu iki suratdan bir suraty ýasapdyr.