logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Rowaçlanýar Watanym, ösýär sporty!
  24.05.2023
881
Rowaçlanýar Watanym, ösýär sporty!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly prezidentimiziň başda durmagynda ilatyň saglygyny goramak, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan ýurdumyzyň dürli künjeginde döwrebap, kaşaň saglyk merkezleri, sport toplumlary, lukmançylyk desgalary, şypahanalar, dermanhanalar, stadionlar, dynç alyş seýilgähleri we beýleki ugurdaş binalaryň uly toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we ondan gelip çykýan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary, enjamlary bilen üpjün edilen sport binalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler döredilen. Saglyk – ynsanyň depesindäki altyn täçdir. Ol ähli zatdan gymmatlydyr, bahasyz baýlykdyr, ähli ösüşleriň özeni bolup, döredijilikli işleriň we abadan durmuşyň çeşmesidir.  Şol nukdaýnazardan hem, köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ýurdumyzda işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime eýe bolmak bilen, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýar. Bu asylly tutumlar ata Watanymyzyň dünýäniň sport giňişligindäki at-abraýyny barha pugtalandyrmaga, ussat türgenlerimiziň ussatlyklaryny kämilleşdirmäge we täze-täze ýeňişler gazanmaga, batly menzillere ýetmäge esas döredýär. Ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge we giňden çekmäge gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlaryň uly topary emele gelýär. Sportuň işjeň ýagdaýda ösdürilýän ýurdy bolan eziz Watanymyzyň bu babatdaky ösüşleri bolsa tutuş älem-jahana ýaýylýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan ýaş ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir ökde türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň sagdyn bolmagynda hem wajyp görkezijidir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen sportunyň ösdürilmegi we onuň halkara abraýynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagy, halkymyzyň sagdyn hem abadan durmuşy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Serdar ÇÄŞEMBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.