logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumy
  11.04.2024
628
“Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumy

2024-nji ýylyň 14-nji maýyndan 19-njy maýyna çenli Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” geçirilýän halkara ykdysady forumyna ýurdumyzyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Bu çäre, Russiýanyň sebitleri bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň arasynda ykdysady, ylmy, tehniki, sosial we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Forumda “Russiýa - Yslam dünýäsi” görnüşindäki toparyň ýygnagy, Ykdysady, Ylmy we Tehnologiki Hyzmatdaşlyk Russiýa Halal sergisi, Halkara ýarmarka Kazan Halal bazary, Söwda-senagat palatalary forumy we başga çäreler gurnalar.

 

Türkmen delegasiýasynyň forumyň çäklerinde milli pawilion gurmagy, gepleşiklere gatnaşmagy we şertnamalary baglaşmagy meýilleşdirilýär.

 

Jennettäç ARÇAWELIÝEWA,
D.Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri
institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 
5-nji ýyl talyby.