logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Russiýanyň döwlet çagalar kitaphanasynda türkmen medeniýet çäresi geçirildi
  11.04.2024
814
Russiýanyň döwlet çagalar kitaphanasynda türkmen medeniýet çäresi geçirildi

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki türkmen-rus medeniýet öýiniň gurnamagynda Russiýanyň döwlet çagalar kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çäräni tomaşa etmäge ýerli halk bilen birlikde, Taýlanddan, Täjigistandan hem myhmanlar geldiler.

 

Çäräniň girelgesinde Türkmen medeniýetini, milliligini şöhlelendirýän ajaýyp el işleriniň sergisi guraldy. Bu sergi tomaşaçylarda türkmen medeniýetine, däp-dessurlaryna bolan gyzyklanma döretdi. Çäre türkmen-rus medeniýet öýüniň ýolbaşçysy Gülnabat Tekäýewanyň çykyşy bilen başlandy. M.S.Şepkin adyndaky teatr institutynda bilim alýan türkmen talyplary Mekan Şyhyýewiň, Didar Kakageldiýewiň hem-de Gülnar Baýramowanyň, Moskwa döwlet medeniýet institutynyň talyplary Sanjar Sopyýewiň, Tawus Mämiýewanyň milli egin-eşikde rus hem-de türkmen dillerinde ýerine ýetiren Magtymguly Pyragynyň goşgularydyr aýdymlary, Suraý Öwezowanyň gopuz milli saz guralynda ýerine ýetiren sazy tomaçalaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Çäräniň dowamynda "Nohur" hem-de "Magtymguly" atly gysga görnüşli kinolar hem tomaşaçylara görkezildi.

 

Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşanlara türkmen-rus medeniýet öýi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.