Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Sport /Sagdyn jemgyýet — bagtyýar döwlet
  27.03.2023
786
Sagdyn jemgyýet — bagtyýar döwlet

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzda bina edilen stadionlaryň, sport mekdepleriniň we desgalarynyň ýaşlaryň söýgüli mekanyna öwrülendigem şaýatlyk edýär. Şeýle hem türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara sport abraýynyň arşa çykmagyna ýol açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda bu ugurda kabul edilýän Döwlet maksatnamalarynyň miwesidir. Bu maksatnamalar ýakyn we uzak geljekde çagalar-ýetginjekler sportunyň ösüş ugruny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy degişli ugurda geljegiň maksatlaryny aýdyňlaşdyrýar.

Sportuň sagdynlyk we bagtyýarlyk hökmündäki many-mazmuny hem diýseň çuňdur. Çünki ol ynsana şatlyk paýlap, özara sazlaşýan durmuş ýörelgelerini emele getirýär. Bu babatda pikir ýöretmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze öwüşgine eýe bolýan sport syýasatynyň many-mazmunyna has içgin düşünmäge ýardam edýär. Şol syýasatyň netijesinde bu gün türkmen türgenleri iň naýbaşy ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorasalar, ýurdumyzda guralýan çempionatlardyr Kuboklaryň, sport çäreleriniň, «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň giň gerimde geçirilmegi raýatlarymyzyň ählisini sagdynlyga hem bagtyýarlyga çagyrýar. Önümçilik maşklarynyň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi bolsa ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döredýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: «Sport hemmeler üçindir we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir. Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň hem-de has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir!» diýip nygtamak bilen, watandaşlarymyzyň ählisine nusgalyk görelde bolýar. 

 

Aknur KYÝASOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.