logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Saglyk üçin peýdaly sport görnüşi
  11.04.2023
1032
Saglyk üçin peýdaly sport görnüşi

Häzirki wagtda welosport köpler tarapyndan söýlüp meşgullanylýan sport görnüşleriniň biri bolmak bilen, ol beden saglygy üçin örän peýdaly endikdir. Welosiped latyn dilinden terjime edilende, «çalt aýak» diýmegi aňladýar. Bu sport adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlarynyň biri hökmünde ykrar edilendir. Soňky ýyllarda welosiped sporty bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlaryň sanynyň barha artmagy diýseň ýakymlydyr. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde her ýyl eziz Watanymyzda bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäreleri guralýar. Munuň özi bolsa, sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga amatly gurşawy emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, welosiped sürmeklik beýleki ulag serişdeleri bilen deňeşdirilende, ekologik taýdan hem amatlydyr, daşky gurşawa zyýansyzdyr. Mundan başga-da, welosipedli gezelenç etmek syýahatçylygyň, hususan-da, ekologiýa syýahatçylygynyň has giňden ýaýran görnüşidir. Şoňa görä-de, esasan hem ýaşlar sportuň bu görnüşine uly höwes bilen erk edýärler. Bitarap Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Halkara Olimpiýa komiteti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, bu guramalaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz halkara sport we Olimpiýa hereketini ösdürmäge anyk goşant goşýar. Ýadyňyzda bolsa, 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Aziadanyň maksatnamasyna welotrek ýaryşlary hem girizilip, köpugurly sport toplumynyň ýöriteleşdirilen desgasynda welotrek ýaryşy hem geçirilipdi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin niýetlenen degişli döwrebap düzümler döredildi. Welosiped açyk howada, ýylyň islendik döwründe boş wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň we welosipedli gezelenç etmegiň beýleki uly artykmaçlyklarynyň hatarynda kesele garşy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyny, çydamlylygyň ýokarlanmagyny, energiýa alyş-çalyşygynyň kadalaşmagyny, ýürek-damar we beýleki keselleriň döremek howpunyň azalmagyny görkezmek bolar. Şeýle-de ol artykmaç kaloriýalardan saplanmagyň, gan damarynyň basyşyny kadalaşdyrmagyň hem-de ýadawlygy aýyrmagyň täsirli usulydyr. Bu bolsa adamyň psihologik ýagdaýyna we özüni duýşuna oňaýly täsir edýär. Şeýlelikde, welosiped sporty bedeniň sagdynlygyny, daşky gurşawyň abadançylygyny amal etmegiň özboluşly görkezijisidir. 

 

Dürligözel BABAJIKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.