logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /«Samsung Galaxy S23»-iň satuwa çykjak senesi mälim edildi
  23.12.2022
1919
«Samsung Galaxy S23»-iň satuwa çykjak senesi mälim edildi

Geljek ýylyň başynda çykarylmagyna garaşylýan «Samsung Galaxy S23» smartfony barada jikme-jik maglumatlar peýda boldy.

«Galaxy S22 Ultra» çalym etjek täze smartfonyň kameralary öňkülere meňzemez. Gapdal gurluşy hem sensor boljak täze smartfonyň dizaýny mundan öňki çykan telefonlara meňzeş bolar.

«Ice Universe» tarapyndan «Samsung Galaxy S23» smartfony baradaky ynamdar maglumatlara görä, akylly telefon geljek ýylyň 1-nji fewralynda doly tanyşdyrylar. Mundan öň, çäräniň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda geçirilmegine garaşylýardy.

Tanyşdyrylyş çäresi golaýladygyça telefonlaryň bahalary barada maglumatlar hem aýan boldy. Smartfonlaryň bahasy 800 – 1199 dollar aralygynda bolar.

Ýakyn günlerde, smartfonlar baradaky has giňişleýin maglumatlaryň peýda bolmagyna garaşylýar. 

 

Ybraýym NYÝAZDURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.