logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Şan getirip ilime hoş gelipsiň, Täze ýyl!
  14.12.2022
1063
Şan getirip ilime hoş gelipsiň, Täze ýyl!

Täze ýyl baýramçylygy dünýäniň aglaba ýurtlarynda giňden bellenilýän şagalaňly toýlaryň biridir. Döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda hem bu ajaýyp baýramçylyk giň göwrümli dabaralara beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basylýar. Ýetip gelýän 2023-nji ýyly ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylaýan bagtyýar ulus-ilimiz baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görýärler, höwes bilen gatnaşýarlar. Häzirki ajap günlerde her bir oba-kendiň, şäherçäniň, şäheriň baýramçylyga mahsus keşbe girmegi ildeşlerimiziň toý ruhuny has belende göterýär. Dürli öwüşginli çyralar bilen bezelen baýramçylyk arçalary, gijelerine has üýtgeşik şugla saçyp, kalplary heýjana getirýär.

Toý lybasyna beslenen Diýarymyzyň ak bazarlaryndaky we söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy şatlygymyza şatlyk goşýar. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen dürli harytlar, şol sanda konditer önümleri, daýhanlarymyzyň yhlas bilen ýetişdiren gök-bakja önümleri, datly miweler köp görnüşliligi we bahasynyň elýeterlidigi bilen tapawutlanýar.

Şu pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Serdarymyzy şeýle-de ähli halkymyzy ýetip gelen Täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Täze ýyl gutly-mübärek bolsun, döwletimiz has-da gülläp össün, halkymyzyň bagtyýarlygy dowamat-dowam bolsun! Külli türkmeni köňül maksadyna ýetiren hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, il-ýurdy abadan, işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Aýna ATAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.