Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şanly senä bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi
  09.07.2020
640
Şanly senä bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi

      Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde ýürdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň biri bolan, medeniýet-sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri mynasybetli Gökdepe etrap medeniýet bölüminiň guramagynda dabaraly çäre geçirildi. Çärä etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bir hatarda, etrabymyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de medeniýet-sungat ulgamynyň işgärleri ýokary işjeňlikde gatnaşdylar. Gökdepe etrabynyň M.Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň şeýle hem etrabymyzyň çagalar çeperçilik mekdebiniň ösüp gelýän ýaş nesle sungatyň inçe syrlaryny öwredýän, çagalara döwrebap bilim, milli ruhda terbiýe bermekde asylly işleri alyp barýan halypa mugallymlardyr we olaryň şägirtleri hem täsirli çykyşlary bilen çärede örän işjeňlik görkezdiler.

      Dabaraly çärä etrabymyzyň görnükli medeniýet işgäri Bäşim Annaýew hem gatnaşyp, döwletimiziň beýik işlerini wasp edýän “ Sungata sarpaňa sag bol Arkadag” atly joşgunly goşgusyny sungat toýuna ýygnanan märeke-mähellä sowgat etdi. Şonuň ýaly hem şahyryň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen Hormatly Prezidentimiziň parasatly setirlerinden ugur alyp, medeniýet-sungat işgärlerine bagyşlap ýazan “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly goşgusyny özüniň okap bermegi hem dabara ýygnananlar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen kabul edildi we olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.    

     Soňra etrabymyzyň görnükli medeniýet işgäri Abadangözel Baýramowa hem çykyş edip, döwletimiz tarapyndan medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmäge we oňat ýaşamaga döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin ähli medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, alkyş sözlerini aýtdy.  Ol dabara gatnaşyjylary şanly sene, medeniýet-sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

     Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oraztäç Myratberdiýewa, Bäşim Annaýew sözlerine döredilen “Sungata sarpaňa sag bol Arkadag” atly joşgunly goşgusyny aýdym edip, toý märekesiniň göwnüni göterdi.

      Gökdepe etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylary Şamuhammet Abaýew, Ysmaýyl Ataýew, Guwanç Taňyrgulyýew, Perhat Çaryýew, Röwşen Soltanmyradow, Allamyrat Annaýew, etrabyň 8-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Baýrammuhammet Gurbanow dagy hem bagtyýar zamanamyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlary bilen dabara gatnaşyjylara şatlyk paýladylar. Olaryň ýerine ýetiren göwün göteriji, joşgunly aýdymlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny al asmana göterip, adamlarda Ata Watanymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan buýsanç duýgularyny döreden, ýatdan çykmajak täsirli çykyşlara öwrüldi.