logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Technology /Sanly ykdysadyýetden baş çykarýan ussat hünärmenler taýýarlanylýar
  02.10.2023
611
Sanly ykdysadyýetden baş çykarýan ussat hünärmenler taýýarlanylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzda ýurduň aýdyň ertiri bolan ýaş nesliň kämil ylym, döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, ösen aň-düşünjeli şähsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, bilimleriniň kämilleşdirilmegine, ylmy-barlag işlerini hem-de täze tehnologik usullary özleşdirmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

 

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň gazananlary sazlaşykly ornaşdyrylýar. Çünki sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy dürli ugurdaky işleriň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, täze tehnologiýalaryň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýol açýar.

 

Sanly ösüşiň wezipeleriniň üstünlikli milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi bu babatdaky sanly gatnaşyklary ýola goýmaklygyň çaltlandyrylmagy bilen baglanyşykly bolup durýar.

 

Häzirki şertlerde sanly ykdysadyýetiň ösüşini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri-de ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak we pudaklary ussat ýaş hünärmenler bilen üpjün etmek bolup çykyş edýär.

 

Şonuň üçin hem, bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň degişli ugurlary boýunça dersleriň okadylmagy, maglumat tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy okuw mekdeplerinde uzak aralykdan sapaklary, wideoşekilli maslahatlary yzygiderli guramaga şert döredýär. Şäher düzümlerinde bitewi ulgam döredilip, «akylly» öý taslamasy ornaşdyrylýar, ilata ösen sanly hyzmatlar edilýär.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýola goýulýan şeýle asylly işler täze ösüşlere badalga berýär. Şunuň ýaly guwandyryjy üstünlikler, netijeli başlangyçlar ýurdumyzyň sanly ulgamdaky ösüşlerini aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär.

 

Atanazar ATANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.