logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  16.12.2022
1279
Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda etrap häkimliginiň, etrap prokuraturasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synplaryň okuwçylary hem-de ýaş mugallymlar gatnaşdy.

Duşuşykda täze taryhy döwürde ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň bilimleri çuňňur özleşdirmegi, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy babatynda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça degerli maslahatlaryny berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, bilimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.