logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Sarahs etrap sport mekdebinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça ýaryş geçirildi
  11.08.2023
929
Sarahs etrap sport mekdebinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça ýaryş geçirildi

Sarahs etrap sport mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda sportuň erkin göreş görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa 2012-2013-nji ýyllarda doglan ýetginjekler gatnaşdy.

 

Ýurdumyzda bedenterbiýäni ösdürmek, ýetginjekleriň arasynda sportuň erkin göreş görnüşini has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de dostluk gatnaşyklaryny berkitmek ýaryşyň öňde goýan esasy maksady boldy. Çekeleşikli geçen tutluşyklar güýçlüleri öňe saýlady. Her agram derejesinde I, II, III orunlary eýelän türgenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.